logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Interesting /Dünýäniň ilkinji elektrikli tanker gämisi deňze girdi
  21.04.2022
910
Dünýäniň ilkinji elektrikli tanker gämisi deňze girdi

Dünýäde ilkinji elektrik energiýasy bilen işleýän “nol zyňyndyly” ýük gämisi Ýaponiýada deňze girdi.

Ýakynda awtoulaglarda başlanan elektrikleşdiriş uçarlarda, awtobuslarda we gämilere-de ulanylyp başlandy. Uglerod yzy bolmadyk dünýäde elektrik bilen işleýän ilkinji tanker gämi şu gün Tokio deňizlerine girdi we hyzmat etmäge başlady.

Tanker gämi “Asahi” diýlip atlandyrylyp, onuň uzynlygy 62 metre ýetýär. Gämi 100 elektrik awtoulagynyň hereketlendirijisine eýedir. “Asahi” öz ýakjak energiýasyny özi öndürmek bilen birnäçe aýlap deňizde hereket edip bilýär. Gämi dünýäniň ilkinji “nol zyňyndyly” tanker gämisidir.

Gämi Tokio aýlagynyň beýleki gämilerine ýangyç bermek üçin ulanylar. Gäminiň gurluşygyna gatnaşan “e5 lab” şereketiniň baş tehnologiýa işgäri, ekologiýa taýdan arassa gäminiň geljekki nesil gämileri gurmakda nou-hau tehnologiýasyny paýlaşmagyň ýapon gämi gurluşykçylarynyň global bäsdeşlik ukybyny güýçlendirjekdigine umyt edýändigini aýdýar.

Perman SAPAROW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.