logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň ajaýyp köçeleri we şaýollary:
  11.11.2022
1148
Dünýäniň iň ajaýyp köçeleri we şaýollary:

«Time Out» žurnalynyň soňky gözlegleri dünýäde uly täsir galdyrdy. Media kompaniýasy dünýäniň dürli künjeklerindäki iň ajaýyp köçeleri we şaýollary sanawa girizdi. 20 müňden gowrak şäher ilatynyň we hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen gözlegde, şäherlerdäki iýmit, medeniýet we jemgyýetçilik nukdaýnazaryndan hem baha berildi.

«Time Out» žurnalynyň syýahatçylyk işi boýunça hünärmeni Jeýms Manning: «Dünýäniň köp bölegi pandemiýadan öňki durmuşa gaýdyp geldi. Biz syýahat etmek üçin dünýäniň dürli künjeklerindäki iň ajaýyp köçeleri we şaýollary bir sanawa jemledik. Bu sanaw syýahat etmek isleýänlere uly kömek berer.» - diýip belläp geçdi. 

Ine, dünýäniň iň ajaýyp 10 sany köçesi we şaýoly: 

1) Rue Wellington, Monreal; 
2) Gertrude köçesi, Melburn; 
3) Great Western Ýoly, Glasgow; 
4) Yongkang köçesi, Taipei; 
5) Værnedamsvej, Kopengagen; 
6) Karangahape Yoly, Auckland; 
7) Taý Ping Şan köçesi, Gonkong;  
8) Yaowarat Yoly, Bangkok;  
9) Oranienstrasse, Berlin;   
10) Haýes şaýoly, San-Fransisko. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.