logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerest hakda
  27.03.2022
2530
Dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerest hakda

Adatdan daşary gözelligi bolan Ewerest dünýädäki iň beýik dagdyr. Şeýle bolansoň, her ýyl müňlerçe, hatda millionlarça adam Ewerest dagyna gidýär. Esasanam alpinistler dünýäniň iň beýik dagynyň depesine çykmagy arzuw edýärler. Şeýle-de bolsa, bu beýik daga çykmak örän howply bolup durýar. Bu bolsa Ewerest dagyna çykmagy hem howply hem-de gyzykly ýagdaýa getirýär.

Deňiz derejesinden dünýädäki iň beýik dag bolan Ewerestiň beýikligi 8,848 metrdir. Ewerest - Gimalaý daglarynda, demirgazyk giňişliginde takmynan 28 gradus we gündogar uzynlykda 87 gradus, Hytaý-Nepal serhedinde ýerleşýär. Lhasa we Katmandunyň üsti bilen Ewereste baryp bolýar. Ewereste giriş tölegi 10 müňden 30 müň dollar aralygynda üýtgeýär.

1865-nji ýylda dünýäniň iň beýik dagy Ewerest diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, Ewerest ady bütin dünýäde ulanylyp başlandy. 1990-njy ýyldan bäri geçirilen gözlegler, Ewerest dagynyň her ýyl demirgazyk-gündogara birnäçe dýuým hereket edýändigini we 1-2 dýuým ýokarlanýandygyny görkezýär. Bu maglumatlary göz öňünde tutup, Ewereste çykanlaryň hemmesi aslynda dürli belentliklere çykdy.

Ewerest köp sanly dag gatlaklaryndan durýar. Dagyň aşaky bölegi dürli minerallardan we magdan görnüşli gaýalar ybarat bolup durýar. Dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerest dagynda, kislorodyň ýetmezçiligi, sagatda 100 kilometre çenli güýçli şemal we aşa sowuk, käte -70 gradusa çenli haýsydyr bir haýwanyň ýa-da ösümligiň ýokarky eňňitlerde ýaşamagyna ýol bermeýär. Ewerestiň iň sowuk wagty ýanwar. Bu aýyň temperaturasy -36 -60 gradus aralygynda bolýar.

Gunça GULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.