logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň beýik lifti
  21.03.2022
1362
Dünýäniň iň beýik lifti

Özüniň beýikligi bilen haýrana goýýan Hytaýyň Baýlun lifti Hunan welaýatynyň Çžanszýasze milli seýilgähinde gurlan ululygy bilen haýran goýýar. Uly gaýanyň gyrasynda gurlan desganyň beýikligi 330 metre ýetip, aýna bilen liftiň daş-töwereginiň örtülmegi ýolagçylary we syýahatçylary tebigaty synlamaga uly mümkinçilik berýär.

1999-njy ýylyň oktýabr aýynda Liftiň gurluşygy başlap, ol 2002-nji ýylda gurluşygy tamamlanýar. Liftiň her kabinasy 48-50 ýolagça niýetlenip onuň agramy 3750 kilograma ýetýär. Seýsmiki sensorlar bilen üpjün edilen bu lift üç sany kabinadan ybarat bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýer syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň iň köp barýan ýerleriniň birine öwrüldi.

2015-nji ýylyň 15-nji iýulynda ýük göterijiligi we tizligi babatda Ginnesiň rekordlar kitabyna giren «Ýüz aždarhanyň lifti» ady bilen meşhurlyk gazanan desgany gurmak üçin 180 million dollar sarp edilipdir. Täsinligi bilen tanalýan bu lift 2002-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hem girizildi. Jahankeşdeler we syýahatçylar bu lifte münmek üçin dört sagatlap garaşmaly bolýarlar.

Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.