Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň iň beýik nokady
  24.04.2023
1604
Dünýäniň iň beýik nokady

Dünýäniň iň beýik nokady Gimalaý dagydyr. Dag Hytaý Halk Respublikasy bilen Nepalyň arasynda ýerleşýär. Dagyň iň beýik gerşine Ewerest diýlip, ol deňiz derejesinden 8 müň 848 metr beýikdir. Onuň günorta gerşiniň beýikligi 8 müň 748 metr.

Ewerestiň depesi diýseň sowukdyr. Ol ýerde howa - 70,75 derejä çenli sowuk bolýar. Şeýle hem hemişe diýen ýaly ýel öwüsýär. Sebäbi dag troposfera gatlagynyň 70 göterimini öz içine alýar. Tebigy şertler ol ýerde ösümlikleriň we beýleki jandarlaryň ýaşamagyna mümkinçilik bermeýär. Dagyň beýik gerişlerini äpet buz bölekleri örtýär. Öz gözbaşyny bu dagdan alýan derýalar hem bar. Onuň depesine çykmak üçin ilkinji synanyşyk 1904-nji ýylda edilipdir. Şondan soňra birnäçe gezek dagyň depesine çykmagyň aladasy edilipdir.

Dünýäniň iň beýik gerşine Tom Bordillon we Çarlz Ewans dyrmaşyp, iň ýokary nokada gaty golaýlapdyrlar. Olaryň daga çykmak üçin gerek bolan kislorod ballonlary depä ýetiberende doňupdyr. Muňä garamazdan, olar öz atlaryny taryha ýazdyrmagy başarypdyrlar. Emma çür depä çykmak arzuwy 1953-nji ýylda amala aşypdyr.

Ilkinji bolup Edmund Hillari, Tenzing Norgaý we Ang Nýima dagy çykypdyr. Olar birinji synanyşykdakydan tapawutly kislorod ballonyndan peýdalanypdyrlar. Bu bolsa, olara üstünlik getiripdir. Häzirki wagtda ösen tehnologiýa oňa dyrmaşýanlaryň sanynyň hem köpelmegine getirdi. Apa Şerpa we Phurba Taşi jemi 21 gezek Gimalaý dagynyň depesine çykyp, rekord goýmagy başarypdyrlar.

Dagyň beýikligi onuň haýsy tarapyndan ölçeýäniňe baglylykda, birneme üýtgeýär. Hytaý tarapyndan ölçenende 8844 metr, Nepal tarapdan ölçenende 8848 metr hasaplanýar. Alymlar dagyň her ýylda 4 mm. Töweregi uzalýandygyny belleýärler. Daga Ewerest adyny Endrýu Woh atly daga dyrmaşyjy dakypdyr. Emma oňa Nepalda Sagarmatha diýilýär. Tibetliler bolsa, Jomolungma diýýärler. Dünýä ýurtlarynda Gimalaý ady hem ýörgünlidir. Her ýylda dünýäniň dürli ýerlerinden sportuň muşdaklary bu daga dyrmaşmaga synanyşýarlar. 

 

Rahat AHMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.