Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň iň çuň ýerasty myhmanhanasy açyldy
  21.06.2023
1076
Dünýäniň iň çuň ýerasty myhmanhanasy açyldy

Häzirki güne çenli bar bolan dünýäniň iň çuň ýerindäki myhmanhana, Uelsdäki Snowdoniýa daglarynyň aşagynda 419 metr çuňlukda açyldy. Gijäni ýerasty myhmanhanada geçirmek üçin 550 funt sterling tölemek ýeterlik. «Deep Sleep» (Çuňňur uky) diýlip atlandyrylýan myhmanhana Kumortin şahta käniniň çuňlugynda ýerleşýär we diňe ýörite geçelge arkaly ýol bilen baryp bolýar.

«Çuňňur uky» myhmanhanasy dört aýry otagly böleklerden we ýörite maksatly otagdan, naharhana we hammamlardan ybarat. Myhmanhana «Go Below» işewürlik kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar we hepdede diňe bir gün, şenbe güni açylýar.

Başdan geçirme şenbe güni agşam sagat 17:00-da başlaýar, bu ýerde syýahatçylar ýörite ýolbeletler tarapyndan myhmanhana geçirilýär. Munuň üçin gaýalaryň arasynda dik ugur boýunça 45 minut ýöremeli bolarsyňyz, ýöne owadan görnüşler şähdiňi açýar. Soňra myhmanlar düşmäge taýynlyk görmek üçin kottejde durýarlar (kaska, el çyrasy we rezin aýakgap bilen). 1810-njy ýyldan 1939-njy ýyla çenli işlän bu magdanyň üsti bilen kyn ýoly ýeňip geçip, gadymy magdançylaryň basgançaklaryndan, könelen köprülerden we ýollardan geçilýär, bu ýerde alpinizm endiklerini hem öwrenmeli bolýar.

Syýahatçylary bu ýerde gyzgyn çaý we dürli görnüşindäki naharlar garşylaýar. Myhmanhananyň temperaturasy ýylyň dowamynda +10C dereje bolýar, ýöne diwarlaryň galyň izolýasiýasy sebäpli otaglar ýyly bolýar. Elektrikli yşyklandyryş pes woltly we 12V batareýa bilen işleýär. Bu ýerde hatda 4G antennasyndan bir kilometrlik kabelden geçýän Wi-Fi hem bar. Magdanda çeşmeden akýan suw hem bar.

Syýahatçylar bir gije myhmanhanada bolýarlar, ertirlik nahary - ýönekeý naharlar we gyzgyn içgi - ertesi gün irden 08:00-de berilýär. Şondan soň myhmanlar magdanyň ýokarsyna çykýarlar.

Myhmanhana pikiri «Go Below»-y esaslandyryjy Maýls Moldinge degişlidir. Netijede bu myhmanhana mundan öň Şwesiýanyň Sala kümüş käninde 154 metr ýerastynda ýerleşýän myhmanhanadan dünýäniň iň çuň myhmanhanasynyň derejesini aldy. 

 

Azat ŞAMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.