logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň garry iti diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi!
  24.11.2022
1322
Dünýäniň iň garry iti diýlip Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi!

22 ýaşly it resmi taýdan iň garry ýaşaýan it diýlip yglan edildi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. «Gino» atly bu it, ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda Aleks Wolf-yň maşgalasynda ýaşaýar. Itiň eýesi öz itiniň uzak ýaşamagynyň sebäbini sagdyn iýmitlenmek, gowy ideg bolup durýandygyny aýdýar.

«Gino» - 2000-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda dünýä indi. 2002-nji ýylda häzirki eýesi Aleks Wolf-yň maşgalasy tarapyndan köçeden tapylyp öýe alyndy. It eýeleri tarapyndan wagtly-wagtynda iýmitlenip, gowy ideg edilipdir. Maşgala öz söýgüli itleri bilen tebigatda bile wagt geçiripdirler. Bu bolsa itiň has uzak ýaşamagyna esas döredipdir.