logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň garry pişigi 120 ýaşynda!
  25.11.2022
1008
Dünýäniň iň garry pişigi 120 ýaşynda!

Angliýada ýaşaýan «Flossie» atly pişik «iň garry pişik» diýen ady aldy. «Flossie» 26 ýaşynda. Hünärmenler, pişikleriň 26 ýyl ýaşamagyny adamlarda 120 ýyla deňdigini nygtaýarlar. Goňur we gara reňkli ene pişik «Flossie»-niň garrylygy sebäpli eşidiş we görüş kynçylyklary bar.

Pişigiň eýeleri «Flossie»-niň garrylygyna garamazdan henizem oýuçyldygyny we bilesigelijidigini aýdýarlar. «Flossie» - Ginnesiň rekordlar kitabyna «iň garry pişik» ady bilen girmegi başardy. Şu wagta çenli hasaba alnan iň garry pişik, 38 ýaşly «Creme Puff» atly pişikdi. Ol 2005-nji ýylda aradan çykdy.