logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň inçe köpgatly binasy: Steinway Diňi
  01.12.2022
1159
Dünýäniň iň inçe köpgatly binasy: Steinway Diňi

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheriniň Manhattan etrabynda ýerleşýän beýikligi 435 metr bolan Steinway diňi dünýäniň iň inçe binasydyr.

«SHoP Architects» tarapyndan gurlan bu bina Nýu-Ýorkdaky iň beýik üçinji binadyr. Iň inçe köpgatly bina bolan Steinway diňi Manhattan etrabyndaky Merkezi seýilgähiň gapdalynda ýerleşýär. Steinway diňindäki dynç almak üçin otaglaryň günlük nyrhlary 7,75 dollar, aýlyk bolsa 66 million dollar aralygynda üýtgeýär.

Steinway diňiniň ýokarsynda 91 metrden gowrak bolan bezeg üçin goýlan polat täç bar. Jemi 435 metr bolan binada 60 sany dynç almak üçin otag bar.

Jemgyýetçilik çeşmelerinde berlen habara görä, binanyň gurluşygy üçin takmynan 2 milliard dollar töweregi bolandygy aýdylýar. Bina gijelerine daş-töwerege dürli yşyklar saçýar we owadan görnüşe gelýär.

Gurluşygyna 2013-nji ýylda başlanan jemi 84 gatly binanyň ilkinji eýeleriniň geljek ýylyň başynda göçüp gelmegine garaşylýar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.