logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň uly aýlanýan globusy
  31.05.2022
1958
Dünýäniň iň uly aýlanýan globusy

Erta - dünýädäki iň uly aýlanýan globus bolup, ony kartograf önümlerini öndürýän DeLorme kompaniýasynyň merkezi ofisinde görmek bolýar. Globus Amerikanyň Men ştatynyň, Ýarmut şäherinde ýerleşýär. Onuň diametri 12,5 metr, agramy 2,5 tonna bolup, onuň diňe demirgazyk ýarym togalagyny görmek üçin 3-nji gata çykmaly bolýar. Ol “dünýäniň iň uly aýlanýan globusy” hökmünde 1999-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu ajaýyp globus üç gatly aýna atriumynda ýerleşdirilen we gijelerine oňat yşyklandyrylýar. Erta  iki ýylyň dowamynda gurlup, 1998-nji ýylda açyldy. Onuň masştaby 1:1 milliona deň, ýagny onuň üstüniň 1 mm-i Ýer ýüzüniň 1 km-i bilen gabat gelýär. Bu bolsa gurluşykçylara köp peýdaly maglumatlary goşmaga mümkinçilik berdi. Onuň ýüzündäki şekillendiriş bazasynyň göwrümi 140 Gb bolup, ol heniz Google kartasy döremänkä, 1998-nji ýylda rekord gazandy. Globus 792 sany karta sahypalary bilen örtülen, 6000 sany alýumin turbajyklary bilen çarçuwa ýerleşdirilendir. Ertanyň hem burçy, Ýerdäki ýaly 23,5 gradusa deň. Iki sany hereketlendirijiniň kömegi bilen globus 18 minutda doly bir aýlaw edýär. Şeýle-de onuň tizligini 1 minuda çenli çaltlandyryp ýa-da bir sagada çenli haýalladyp bolýar.

      Aýgül ALTYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.