logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti
  28.11.2022
893
Dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti

Teodoro Obiang Nguema Mbasogo – Ekwador Gwineýasyna 43 ýyldan bäri ýolbaşçylyk edip, dünýäniň iň uzak wagtlap wezipede oturan Prezidenti boldy. Ol golaýda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, altynjy gezek ýurduň Prezidenti boldy.

80 ýaşly Obiang geçirilen Prezident saýlawlarynda 95%-e golaý ses aldy. Umuman alanyňda, takmynan 1,5 million ilaty bolan Ekwatorial Gwineýany 7 ýyl dolandyrjak Prezidente, şeýle hem parlament, senat we şäher saýlawlaryna 427 müň 661 saýlawçy ses berdi. Häkimiýet başyndaky Ekwatorial Gwineýanyň Demokratik partiýasy Palatadaky 100 ornuň we Senatda 55 ornuň ählisini eýeledi.

Prezident Obiang – 1942-nji ýylda doglan, syýasatçy. Ol 1979-njy ýyldan bäri Ekwador Gwineýasynyň Prezidenti bolup gelýär. Ekwador Gwineýasyna birnäçe adalar degişli bolup, ol adalarda tropiki ýagyş tokaý howasy agdyklyk edýär. Bu adalarda gorilla, şimpanze, gaplaň we tokaý pilleri ýaly köp wagşy haýwanlar ýaşaýar. «Forbes» žurnalynda çap edilen maglumata görä, Ekwador Gwineýasynyň takmynan 700 million dollar baýlygynyň ABŞ-nyň bank hasaplarynda duranlygy mälim edilýär. 

 

Kakageldi AGAJANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.