logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň uzyn adamy - Soltan Kösen öýlenmek üçin ýola çykdy
  11.11.2022
3006
Dünýäniň iň uzyn adamy - Soltan Kösen öýlenmek üçin ýola çykdy

Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň uzyn adamy hökmünde adyny ýazdyran Soltan Kösen, Türkiýeden öz bagtyny tapmansoň Russiýa gidipdi. Soltan Kösen öz resmi sosial media platformasyndan Russiýada hem bagtyny tapyp bilmändigini, emma rus zenanlarynyň juda mylakatly, myhmansöýer we owadanlygyny mälim etdi.

39 ýaşly Soltan Kösen indi öz bagtyny ABŞ-da gözlemek isleýär. Ol öz bagty boljak zenandan bir ogul we bir gyzynyň bolmagyny agzybir bir ömür ýaşamagy arzuw edýär.

Belläp geçsek, Soltan Kösen 2013-nji ýylda Merve Dibo atly bir zenan bilen durmuş gurdy, ýöne ikitaraplaýyn gatnaşyklar sebäpli aýrylyşmak kararyna geldiler.