logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň yssy ýeri: Ölüm jülgesi!
  17.05.2023
1550
Dünýäniň iň yssy ýeri: Ölüm jülgesi!

Dünýä ýüzünde - 60 dereje doňduryp barýan sowuk sebitler bilen bir hatarda + 56 derejä çenli ýetip bilýän aşa yssy sebitler hem bar. Ol ýer dünýäniň iň yssy sebiti bolan Ölüm jülgesidir. 

Dünýäniň iň yssy sebiti ABŞ-daky Ölüm jülgesi diýlip atlandyrylýan ýeri hasaplanylýar. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) maglumatlaryna görä, 1913-nji ýylyň 10-njy iýulynda ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Ölüm jülgesinde iň ýokary temperatura + 56,7 dereje hökmünde hasaba alyndy.

Belent daglar bilen gurşalan bu sebit dar we uzyn takyr ýerden ybarat. Ölüm jülgesi gün şöhleleriniň täsiri bilen gyzýar we jülgäniň üstlerinden çykýan ýylylyk kosmosa ýaýradylman sebitiň özüne siňýär we netijede toprak mazaly gyzýar.

Ölüm jülgesi taryhda köp sanly Amerikaly taýpany kabul etdi. Iň azyndan 1000 ýyl bäri jülgede ýaşaýan Timbisha taýpasynyň bu sebitde häzir hem ýaşaýandygy aýdylýar.

Bu aýratynlyklardan başga-da, Ölüm jülgesinde hereket edýän gaýalar bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Hereket edýän gaýalar yz galdyrýar. Alymlar munuň sebäbini sebitdäki howa şertleri we ýel bilen düşündirýärler.

Ölüm jülgesi adyny pajygaly wakadan alýar. 1849-njy ýylda Kaliforniýada altyn tapylandan soň adamlar tomsuň jöwzaly yssysynda jülgä gidip, altyn gözlemek üçin açlyk we suwsuzlyk sebäpli heläk bolup gyrylýarlar. Şol sebäpli hem jülge häzirki adyny alýar. 

 

Mäti PENDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.