logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Dünýäniň iň yssy ýyly 2024-nji ýyl bolar!
  09.06.2023
4715
Dünýäniň iň yssy ýyly 2024-nji ýyl bolar!

Dünýäniň gyzmagyna sebäp bolýan «El Nino» howa hadysasy başlandy. ABŞ-nyň hünärmenleri 2024-nji ýylyň Ýerdäki iň yssy ýyl boljakdygyny mälim etdiler.

Bütin dünýä täsir etmegine garaşylýan «El Nino» howa hadysasy Ýuwaş ummanda başlandy. ABŞ-nyň Milli Okean we Atmosfera Dolandyryşy (NOAA) tarapyndan berlen beýanatda «El Nino»-nyň öňümizdäki aýlarda täsirini kem-kemden ýokarlandyrjakdygy belleýär.

Klimat hünärmenleri «El Nino» howa hadysasy sebäpli dünýäniň käbir ýerlerinde guraklyk, aşa köp ýagyş ýagmagy ýaly dürli ýaramaz täsirleri döredip biljekdigini aýdýarlar.

Iňlis alymlary «El Nino»-nyň häzirki wagtda güýçlenýändigini we 2023-nji ýylyň ahyrynda iň güýçli ýagdaýyna ýetjekdigini çaklaýarlar we 2024-nji ýylda täze global temperatura rekordynyň bolmagynyň ähtimaldygyny bellediler.

«El Nino» - Afrikada, Awstraliýada we Aziýa yklymynyň käbir ýerlerinde gurakçylyga, Hindistanda musson ýagyşlaryna şeýle-de Amerikanyň günorta we merkezi böleginde güýçli çabgaly ýagyşlara sebäp bolmagyna garaşylýar. 

 

Meretmuhammet DURDYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.