logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Interesting /DÜNÝÄNIŇ UZYN ATLY ÝERLERI
  25.09.2022
2241
DÜNÝÄNIŇ UZYN ATLY ÝERLERI

Häzirki wagtda dünýäniň dürli ýerlerinde goşma sözlerden emele gelen ýer-ýurt atlary bolup, olar ýer şarynyň iň uzyn atly ýerleri hasaplanylýar. Geliň, şol ýerleriň käbirleri bilen tanşyp geçeliň:


Taumatawhakatangihangakoauauotamateaturipukakapikimaungahoronukupokaiwhenuakitanatahu. Uzyn atly ýerler sanawynyň başyny 85 harpdan ybarat bolan, Täze Zelandiýanyň demirgazyk böleginde ýerleşýän Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen «Taumata» depesi ýerleşýär. Beýikligi 305 metre ýetýän bu depäniň ady ýerli Maori dilinde «Topraklary ýuwudýan, daga dyrmaşyjy uly dyzly Tameteanyň gelip, halaýan adamsy üçin tüýdük çalýan depesi» diýmegi aňladýar. 


Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch. Sanawyň ikinji basgançagynda Uels döwletinde ýerleşýän, jemi 58 harpdan ybarat bolan «Llanfair PG» diýlip atlandyrylýan ýer hasaplanylýar. Ýewropada iň uzyn atly ýer diýlip atlandyrylýan, bu ýeriň doly ady uelsçede «Gyzyl dükanly Keramatly Tisilio buthanasynyň girdabynyň ýanyndaky ak funduk agajynyň köwegindäki Keramatly Merýem ybadathanasy» diýmegi aňladýar. 


Chargoggagoggmanchauggagoggchaubunagungamaugg. Uzyn atly ýerler sanawynyň üçünji ornunda ABŞ-da iň uzyn atly ýer hasaplanylýan «Webster köli» durýar. 45 harpdan ybarat bolan bu kölüň ady amerikan ýerli alkolgin dilinde «Araçäkdäki balyk tutulýan ýer» diýmegi aňladýar. Şeýle hem, bu kölüň ady has irki döwürlerde «Chabanaguncamogue» we «Chaubanagogum» görnüşinde hem gabat gelýär.


Tweebuffelsmeteenskootmorsdoodgeskietfontein. Sanawyň dördünji basgançagynda 44 harpdan ybarat bolan, Günorta Afrika Respublikasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän «Iki gäwmişiň bir gezek atylanda öldürilen çeşmesi» atly öri meýdany eýeleýär. Meşhur Günorta Afrikaly aýdymçy Anton Gusen 2014-nji ýylda çykaran «Putonnerwater» atly albomyndaky aýdymlaryň birine hem ýokardaky ady goýýar. 


Azpilicuetagaraycosaroyarenberecolarrea. Ispaniýanyň Nawarra awtonom sebitiniň Azpilkueta obasynda ýerleşýän, «Azpilkuetanyň beýik haýatynyň pes meýdany» ady bilen tanalýan ýeri sanawyň bäşinji basganjagynda durýar. 39 harpdan ybarat bolan, bu ýer Ýewropanyň iň owadan tebigatly ýerleriniň biri hasaplanýar.


Gölbaý GYLYŽOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.