Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Dürli miweler bar tagamy datly
  10.12.2020
512
Dürli miweler bar tagamy datly

      Diýarymyzda oba hojalyk pudagynyň işini ilerletmek ugrundaky möhüm işlere Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda hem saldamly goşant goşulýar.

       Gullugymyzyň kömekçi hojalygynda alnyp barylýan işleriň biri bag nahallaryny köpeltmekde edilýän tagallalar bolup, ol nahallar Magtymgulydan (Garrygala), Ahal ýaýlalaryndan, Köýten sebitlerinden getirilip,Köpetdagyň eteklerindäki ýerlerimize ekilýär. Dürli ýerlerden getirilen bu baglaryň ýerli howa şertlerine uýgunlaşmagy ugrunda degerli zähmet çekilýär, pürli agaçlaryň nahallary bolsa hünärmen harby gullukçylar tarapyndan ýörite şitilhanalarda ýetişdirilýär.

    Köpetdagy etekläp oturan paýtagtymyzyň çäklerindäki harby bölümlerde miweli agaçlaryň bimäçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Miweli baglaryň datly miweleri yrýa edilmän ýygnalyp, esgerleriň saçagyna berilýär. Şeýle-de ol miweler serhetçileriň maşgalalaryna elýeterli nyrhdan hödürlenilýär. Esasan kömekçi hojalygymyzda miweli baglardan üzüm, alma köp ekilýär. Elbetde, mukaddes topraga edilen yhlas, siňdirilen zähmet islendik döwürde hem adamzadyň ýaşaýyş üznüksizliginde maňlaýyndan dirändir. Halkymyz hut şonuň üçin hem topraga ýöne ýere «ene toprak» diýmändir. Biziň topragymyzda bereket bardyr.

Bereketli topragymyzda süýji buýanyndan başlap, ajy ýowşanyna çenli biten otlaryň ählisi müň derdiň dermanydyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda görkezilen dermanlyk ösümlikleri baý tebigatly Watanymyzyň gujagynda bitýändir. Olaryň aglabasy döwlet serhedimiziň geçýän ugurlarynda, has dogrusy serhet sähralarynda ösýär. Ol dermanlyk ösümliklere serhet tabşyryklarynda gulluk alyp barýan pursatlaryň hälişindi gabat gelinýär.Häzirki wagtda bolsa kömekçi hojalygymyzda şol dermanlyk ösümlikleri, otlary ýygnamak we tebigy şertlerde guradyp, peýdalanmaga taýýarlamak üçin hem uly işleriň alnyp barylýandygy bellärliklidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy gülläp ösüşleri başdan geçirýär. Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek bilen bir hatarda, ýerden bol hasyly almaga gerek bolan giň mümkinçilikleri döredýän milli Liderimiz oba hojalyk işlerinde zerur bolan ýokary hilli tehnikalary daşary döwletlerden yzygiderli alyp berýär. Şeýle-de oba hojalykçy hünärmenlerimize hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde daşary ýurtly hünärmenler bilen pikir alşyp, tejribe toplamaga giň mümkinçilikler döredilýär.