logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Durun obasynda ýerleşýän “Erk galasy” barada
  21.09.2020
1232
Durun obasynda ýerleşýän “Erk galasy” barada

“Erk gala” bu Bäherdeniň etrap merkezinden takmynan 4 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Erk gala erik ýaly saýlanyp uzaklardan görnüp duransoň halk arasynda “Erk gala” diýip at beripdir. Bu galanyň beýikligi 9-10 metr bolupdyr. Gala tegelek görnüşinde salnypdyr, “Erk gala”- nyň aşaky medeni gatlaklary biziň eýýamymyzdan öň III-asyrdan başlanyp, onuň üstki gatlagy orta asyrlara degişlidir. Geçirilen arheologiki gazuw-agtaryş işleriň netijesinde galanyň içiniň medeni gatlagynyň 2-metr töweregi galyňlykda bolandygy görkezýär. Erk gala goranyş diwarlaryndan ybaratdyr. Gala iri çig kerpiçden bina edilipdir. Galanyň derwezeleri demirgazyk-gündogarynda we günorta-günbatarynda bolandygy görnüp dur. Galanyň üstündäki küýze we keramiki galyndylar bu ýerde ýaşaýşyň bolandygyna şaýatlyk edýär. “Erk gala” Durun hanlygynyň merkezi bolup, bu ýerde ösen ýaşaýyş IV-XVIII-asyrlarda bolupdyr.