logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk — türkmen halkynyň synmaz ýoly ✦ ✦ Dil bilen dünýäni gezer ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň geljegi ✦ ✦ Bilim bermekde okuwçynyň pikirleniş ukybyny ösdürmek möhümdir ✦ ✦ Garabogaz - Gazagystan serhetýaka awtomobil ýolunyň 44 kilometrlik bölegi açyldy ✦ ✦ Daşoguzda ýylda 700 müň tonna azotly dökün öndürjek toplum gurlar ✦ ✦ Daşoguzda pagta çigidini gaýtadan işleýän täze kärhana gurlar ✦ ✦ Aşgabat - Daşoguz awtomobil ýoly täze tapgyrda ulanylmaga beriler ✦ ✦ Daşoguz welaýatynda ulag we senagat ösüşiniň täze taslamalaryna badalga berildi ✦ ✦ Ykdysadyýetiň görnüşleriniň ösüşi ✦
Baş sahypa / Syýasat /Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygy barada neşir edilen kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  26.12.2025
447
Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygy barada neşir edilen kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň täze neşir edilen «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýadyň ýoly» atly kitabyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Bu dabaraly çärä diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, ylym we medeniýet ulgamynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler türkmen Bitaraplyk nusgasynyň özboluşlydygyny, onuň derejesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek tassyklanylandygyny bellediler.

 

Türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilen täze neşir Aşgabadyň parahatçylyk söýüji başlangyçlaryny seljerýär we häzirki zaman geosyýasy şertlerinde «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny düşünmek üçin möhüm gollanma bolup hyzmat edýär.

 

Çäre şol bir wagtda ýaş alymlaryň üstünliklerini ykrar etmek üçin hem meýdança boldy. Duşuşygyň ahyrynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen durnukly ulag meselelerine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynyň gatnaşyjylaryna şahadatnamalar gowşuryldy.

 

Şahadatnama alan gatnaşyjylar halkara ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň sebitleriň ykdysady ösüşine itergi berýändigini hem-de dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Bitaraplyk syýasatynyň amaly beýanydygyny nygtadylar.

Jumageldi AMANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.