logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Dutar saz guraly barada
  05.09.2021
2652
Dutar saz guraly barada

Ýagny, türkmenlerde dutaryň sarpasy has belentdir. Türkmen toýlarynyň bezegi dutardyr. Geçmişde türkmeniň ak öýleriniň törüni gazma dutary bezäpdir.

         Dutar sözi-“iki tar” diýen manyny berýär. Şol iki tardan çykýan owaz adamy gynandyryp hem, begendirip hem, buýsandyryp hem bilýär. Dutaryň piri Baba Gammar hasaplanylýar. Daşyndan seredeniňde, ýönekeý bolup görünýän saz guralyny ýasaýan dutarçy ussalar onuň ýasalyşyny sungat derejesine göteripdirler. Bagşynyň çalýan sazynyň şirinligi dutaryň ýasalyşyna hem baglydyr.

         Oňat dutar ýasamak üçin gowy agaç gerek bolup durýar. Şol gowy agaç tut agajydyr. Tut agajy ýeňil hem berk bolýandyr. Galyberse-de, ondan çykýan ses owazly bolýar. Tut näçe garry bolsa şonça gowydyr. Dutar ýasalanda, başga agaçlar bilen tut bilen deňleşip bilmez. Dutar ýasaljak tut  agajyny güýzde, ýapragyny dökende kesip alsaň, has gowy. Kesip alan badyňa dutar ýasamaga girişmek bolanok. Şonda ol görnüşini, gabarasyny üýtgedenok. Il içinde şeýele bir rowaýat bar. Dutaryň piri Baba Gammar üç sany birmeňzeş dutar ýasapdyr. Soň olarda saz çalanda, geň galmaly, olardan çykýan heň dürli-dürlimiş. Bir dutardan baglaryň ýapragynyň şemal turanda çykarýan sesi, bir dutardan çeşme-çaýlaryň akyşy, beýleki dutardan çykýan heň bolsa daglara düşüp gaýtalanýan ýaň ýalymyş. Baba Gammar pikire çümen we bu täsinligiň syryny açan. Görüp otursa, dutardan çykýan ses olaryň mekany bilen bagly bolsa nätjek. Baba Gammar dutarlaryň birini gülzarlykdan, birini dagdan, birini bolsa derýanyň kenarynda ösüp oturan tutdan ýasan ekeni.

         Dutar saz guralynda, “Söýli han”, “Şelpeli durna”, “Aýna” “Saltyklar”, “Hajygolak”, “Dilim gyryk”, “Goňurbaş mukamy”, “Maýagözel” ýaly türkmen milli halk sazlary döredilen.