logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Düýe maly-dünýe maly
  02.05.2020
2560
Düýe maly-dünýe maly

       Biziň ata-babalarymyz goýunlara we düýelere sarpa bilen garap olary mukaddes hasaplapdyrlar. “Düýeli ýurt-aç bolmaz”, “Düýe maly- dünýe maly” diýipdirler. Goýunuň hem düýäniň hem asmanda güýçli hemaýatkäri bar diýip düşünipdirler. Düýe maly ymgyr çölüň gelşigi bolan messan-messan ýöräp barýan düýe kerwenini synlanyňda göwnüň dokunýan ýaly bolýar. Pederlerimiz düýe malyna aýratyn göz bilen seredipdirler. Düýäniň süýdi we eti, janyňa tenekardyr. Lukman Hekim düýe malynyň süýdüniň müň bir derdiň dermanydygyny aýdyp, onuň önümleri bilen näsaglary bejeripdir. Gadymda düýe maly ulag hökmünde ulanylypdyr. Türkmen toýlarynyň bezegi bolan kejebe täze türkmen maşgalasynyň döremeginiň buşlukçysy bolupdyr.

         Ýedi hazynanyň biri hasap edilýän düýäniň süýdini sagyp ondan çal, aýran edilipdir. Düýe çaly türkmen milli süýt-gatyk önümi bolup, ol düýäniň süýdünden taýýarlanylýar. Onuň taýýarlanşynyň aýratynlyklary: Täze saglan düýe süýdüni küýzä ýa-da syrçaly gaba guýmaly, gönezlik goşmaly, gabyň gapagyny ýapmaly we salkyn ýerde 3-4 sagat saklamaly.

         Onuň ýüzene çykan agaran aýrylýar we tagamlary hem-de içgileri taýýarlamak üçin ulanylýar. Ýagny alnan süýdi sowadylan gaýnak suw bilen garmaly we käselerde äbermeli. Şonuň üçin düýe çalyny diňe Türkmenistanyň çäginde içip hakyky tagamyny bilip bolar. Süýde suw goşup taýýarlaýarlar, sebäbi onuň esasy wezipesi suwsuzlygyňy gandyrmak bolup durýar. Gadymy döwürlerden bäri bize çalyň peýdaly aýratynlyklary mälimdir. Onuň adam bedenindäki derisine, saça, dyrnaklara we dişlere oňyn täsir edýär. Şol sebäpli türkmen aýal-gyzlary şol suwa saçlaryny ýuwupdyrlar we gür, uzyn saçlary bilen tapawutlanypdyrlar. Düýe çaly jana melhem içgi hökmünde häzirki wagtda hem uly isleg bildirilip birek-birege hödür edilýän şypaly içgi hasaplanylýar. Hut şuňa esaslanyp hem türkmen halky “Düýe çaly-derde derman” diýýärler.