logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /DÜZGÜNLER BERJAÝ EDILMELIDIR
  28.11.2019
926
DÜZGÜNLER BERJAÝ EDILMELIDIR

Ak bugdaý etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat häsiýetli maslahat geçirildi.  Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan maslahatda gyş möwsüminde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri wagyz-nesihat etmek maksat edinildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli kärdäki raýatlar hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdy.

Maslahatda edilen bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, şäherçedir obalar, önümçilik binalar gurulýar, ozal hereket edýän  desgalaryň durky döwrebaplaşdyrylýar hem-de ýokary derejede enjamlaşdyrylýar. Bu zatlar bagtyýar ildeşlerimiziň eşretli durmuşyň hözirini görüp, erkanalykda ýaşamagyna we zähmet çekmegine özboluşly itergi bolýar. Şeýle bagtyýar döwrümizde öýde-de, iş orunda-da ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň kadalaryna berk eýermek ählimiziň borjumyz bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar raýatlaryň durmuşyň hözirini görüp, parahat we asuda  ýaşamagy ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.