logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Edebiň başy salamdan başlanýar
  16.01.2023
5955
Edebiň başy salamdan başlanýar

Gadymy döwürlerden bäri ulanyp gelinýän salamlaşmak edebi şu güne çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýär. Salamlaşmak edebi ýokary adamkärçilikden nyşan bolup, adamzat gatnaşyklary hem şol sözden başlanýar. Salamlaşmak birek-birege parahatlyk, abatlyk, saglyk dilemekdir. Halkymyzda «Edebiň başy salamdan başlanýar» diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Salamlaşmak ynsanyň asylly häsiýetleriniň biri bolmak bilen, ol sylag-hormaty alamatlandyrýar. Bu sözüň özeninde adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýürekdeşlik, hoşniýetlilik, adamkärçilik şöhlelenýär. Taryhy maglumatlara görä, ir döwürlerde adamlar dürli hereketleriň üsti bilen birek-birege hoşamaýlyk bildiripdirler, ýagny salamlaşmak hökmünde dürli kadalary berjaý edipdirler.

Salamlaşmak däbiniň taryhy gaty uzaklardan başlanýar. Ol öz üstünden dürli taryhy döwürleri geçiripdir. Salamlaşmak edebiniň ähmiýeti ýaşuly neslimiz tarapyndan ýaş nesillerimize eýýäm çagalykdan başlap öwredilipdir. Paýhasly ata-babalarymyz bu dessury ýitirmän, şu günlere çenli ýetiripdirler. Salamlaşmak edebine halk döredijiliginde hem aýratyn orun berlipdir. Muňa ýazyjydyr şahyrlarymyzyň döredijiligindäki many-mazmunly jümleler aýdyň mysaldyr. Salam berlende we alnanda ol mähir bilen ýürekden aýdylyp, iki tarapyň hem mertebesi deň-derejede hormatlanmalydyr. Bu edebi, ylaýta-da ýaş nesilleriň göwnejaý berjaý etmekleri örän zerurdyr. Çünki ýaşlara olaryň salamlylygyna garap, olara maşgalasynda berilýän terbiýä hem baha berilýär. Ol diňe bir adamyň özüni bezeýän häsiýet bolman, alkyşa mynasyp bolan özüňi alyp barmaklykdyr. Şeýle-de bu ýagdaý asylly edep-terbiýe alandygyň hakyndaky aýdyň görkezijidir. Köpçülik ýerinde özüňden ulyny göreniňde hormat bilen salam bermek we ýeriňden galmaklyk asylly häsiýetlilikden, adamkärçilikden nyşandyr. Türkmençilikde salamlaşmak edebiniň şeýle asylly kadalary halkymyzyň öz milliligine, urp-adatlaryna goýýan sarpasyny alamatlandyrýar. 

Umuman, halkymyzda edebiň başy hasaplanylýan salamy hiç kimden gysganmazlyk, sylag-hormatly, adamkärçilikli, açyk göwünli bolmak, töweregimizdäkilerde biz barada ýakymly duýgulary döredýär.

 

Komila MATNAZAROWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.