logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr
  19.01.2026
377
Edebiýat durmuşyň çeper hakykatydyr

Edebiýat adamzadyň durmuşyny çeper söz arkaly beýan edýän ruhy sungatdyr. Ol gündelik ýaşaýyşda bolup geçýän wakalary, adam häsiýetlerini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny diňe bir gury hakykat hökmünde däl-de, çeper pikir we duýgy arkaly görkezýär. Şonuň üçin edebiýat durmuşyň çeper hakykaty hasaplanýar.

 

Çeper eserlerde hakykat obrazlar, gahrymanlar we wakalar arkaly açylýar. Okuyjy diňe bir maglumat almaýar, eýsem gahrymanlaryň duýgularyny paýlaşýar, olaryň ýagdaýy barada pikirlenýär. Bu bolsa edebiýatyň adam ruhuna täsir ediji güýjüni artdyrýar.

 

Türkmen edebiýaty halkymyzyň taryhyny, arzuw-isleglerini, ahlak kadalaryny we milli häsiýetlerini çeper görnüşde beýan edip gelýär. Klassyk we häzirki zaman eserleri jemgyýetiň ösüş ýoluny şöhlelendirýär.

 

Edebiýat diňe bir häzirki durmuşy däl, eýsem geljek üçin hem ýol görkeziji bolup çykyş edýär. Çeper eserlerde gozgalýan adalat, ynsap, söýgi, watançylyk ýaly gymmatlyklar okyjynyň dünýägaraýşyny baýlaşdyrýar. Şonuň üçin edebiýat jemgyýetiň ruhy ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.

 

Gülnar BERKELIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.