logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Edermen gallaçylaryň üstünligi: 1 million 500 müň tonna golaý galla hasyly
  30.07.2022
977
Edermen gallaçylaryň üstünligi: 1 million 500 müň tonna golaý galla hasyly

         Ýurdumyzyň edermen gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylyny tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer A.Ýazmyradow, Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçy daýhanlary we ähli türkmen halkyny sahawatly türkmen topragyndan gallanyň bol hasylynyň öndürilip, Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý galla hasylynyň tabşyrylmagy mynasybeli tüýs ýürekden gutlady.