Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Edermen türkmen alabaýy
  22.04.2021
636
Edermen türkmen alabaýy

     Biz öz gözbaşyny asyrlaryň jümmişinden alyp gaýdýan, ata-babalarymyzyň döreden medeni, ruhy we maddy gymmatlyklary gorap saklamak, kämileşdirmek we ösdürip ýetişdirmek şu günki günümiziň edýän talaby bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýap saklamaga, ýaş nesillerimizde olara söýgi döretmäge aýratyn üns berilýän türkmen alabaýynyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we milli itşynaslygymyzy ösdürmek maksady bilen Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi. Şonuň bilen bagly her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramy hem belleniler. Türkmen halkynyň döreden mertligiň we wepalylygyň nusgasy hasaplanýan türkmen alabaýlary ösdürip ýetişdirmek we onuň arassa tohumyny gorap saklamak hakynda döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şeýle diýýär: “Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini  özünde jemleýän “Türkmençiligiň” batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr.” Dogrudanam bu häsiýetleriň ählisi türkmen alabaýynda jemlenendir. Ýola çykanda wepaly ýoldaş, mal bakanda ýakyn kömekçi, öý-ojagyňdan gaýdaňda sak goragçy – bular türkmen alabaýlaryna mahsus häsiýetdir. Bu babatda Türkmen alabaýlaryny ata-babalarymyz özlerine iň ýakyn ýoldaş hasaplapdyrlar. Hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde “Alabaý biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyzdyr” diýip türkmen alabaýynyň waspyny ýetirýär. Ynha şeýle asylly başlangyçlardan ugur alyp, 20.04.2021-nji ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň  Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, 2019-njy ýylda açylyp ulanylmaga berlen, Ahal welaýatynyň “Türkmen alabaý itleri” hojalyk jemgyýetinde Ýylyň “Türkmen edermen alabaýy” bäsleşiginiň II-nji tapgyry geçirildi. Bu geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çäginden jemi 25 (ýigrimi bäş) sany türkmen alabaý itleri gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan türkmen alabaýlary öz daşky sypatlary bilen, merdi-merdanalygy bilen bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu geçirilen bäsleşik öz gözelligi bilen aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy.