logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Egsilmesin şöhratyň, belent badyň, Aşgabat!
  12.05.2023
1140
Egsilmesin şöhratyň, belent badyň, Aşgabat!

Ýur­du­myz­da ga­za­nyl­ýan be­ýik ösüş­le­riň gör­ke­zi­ji­si, öz­ge­riş­le­riň ker­wen­ba­şy­sy bo­lan ak mer­mer­li Aş­ga­bat bu gün Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri­ne, pa­ra­hat­lyk dö­re­di­ji mer­ke­ze öw­rül­di.

 

Ýur­du­my­zyň äh­li pu­dak­la­ryn­da ga­za­nyl­ýan ösüş­ler, üs­tün­lik­ler, ýe­til­ýän be­lent sep­git­ler, il­kin­ji no­bat­da, türk­men hal­ky­nyň asu­da dur­muş­da pa­ra­hat ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Paý­tag­ty­my­zyň ak mer­mer­li bi­na­la­ry türk­me­niň ak kal­by­na ça­lym­daş­dyr. Aş­ga­ba­dyň Azi­ýa­nyň mer­jen şä­he­ri­ne de­ňel­me­gi ýö­ne ýer­den däl, çün­ki Gü­nüň tyl­la nu­ru­na lo­wur­dap şug­la saç­ýan ak mer­mer­li bi­na­lar şug­la­zar­ly­gy bi­len gö­ren­le­ri haý­ra­na goý­ýar.

 

Kökleri gadymyýete uzaýan Watanymyzyň milli binagärlik tejribesi barha baýlaşýar. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň keşbinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady derejesi, intellektual kuwwaty, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni däp-dessurlary aýdyň beýanyny tapýar. Şäheriň taryhy merkezlerine aýawly çemeleşmek, olaryň abadançylygyny saklamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Paýtagtyň has irki döwürleriniň şaýady bolan binalardyr ýadygärlikler halkymyz üçin bahasyz gymmatlyklardyr, taryhymyzyň parçalarydyr.

 

Goý, baş şäherimizi ösdürmegiň täzeçil konsepsiýasyna laýyklykda, Watanymyzyň ýüregi Aşgabatda sanly we intellektual ulgamyň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan iri gurluşyklaryň başyny başlap, ony döwrebap megapolise öwürmek ugrunda taýsyz tagalla edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň gurmak we döretmek sungaty bagtyýar halkymyza, geljek nesillere hyzmat edip, asyrlara ýaň salsyn!

 

Didar ÇARYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.