logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Eje...
  22.05.2022
1389
Eje...

Eje, duýgularym özgerip barýar,
Gün-günden üýtgeýär hyýal, pikirlem.
Ylhamym beýnime «Ýaz!» diýip urýar,
Emma başga ýana çekýär setirlem.

Günem dogýar şol öňküje ýerinden,
Ýene-de şol öňki ýerinden batýar.
Emma bu günlerim öňküsi deý däl,
Zemin gysýar, asman depämden basýar.

Öňki diňlenmedik söýgi aýdymlar
Indi ýuwaş-ýuwaş diňlenýän ýaly.
Täsirinden hiç saplanyp bilmänsoň,
Ýüregem şolara hiňlenýän ýaly.

Ýodalarym haýsy ýola öwrüldi,
Ýa ezildim haýsy bulduň ýagşyna?!
Damjalardan dörän söýgi setirler,
Indi öwrülipdir köňül nagşyma.

Bu täsin günleriň soňy barmyka,
Üns bermejek bolup kösenýän niçe.
«Akyl gyzyň» ne günlere düşüp ýör,
Çagalygmy gaýdyp bersene, eje.

Nurgözel ÝAZBERDIÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.