logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Eje» - Züleýha ALLABERDIÝEWA
  02.03.2023
1453
«Eje» - Züleýha ALLABERDIÝEWA

Tylla saçlarymy «Güneşim» diýip,
Her agşam, her saba sypardyň, eje!
Kalbymy ýyladyp Gün nury deýin,
Men güneşi söýdüm hem seni, eje!

«Huwwa, huwwa, meniň gyzym Aý ýaly,
Allan, allan, balam, bahar-ýaz ýaly» —
Bu şirin sözleriň kalbymyň sazy,
Men hüwdiňi söýdüm hem seni, eje!

Her gün sowgat etsem elwan gülleri,
Güller bilen garşylaň siz günleri,
Siziň üçin ýygdym ter bägülleri,
Men gülleri söýdüm hem seni, eje!

Barlygyňda ýaza öwrülýär gyşlar,
Söýgiň ylhamyndan ýagar ýagyşlar,
Bahar gelse, sizi wasp eder guşlar,
Men bahary söýdüm hem seni, eje!