Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ekerançylyk oba hojalygyň esasy pudagydyr
  11.11.2023
671
Ekerançylyk oba hojalygyň esasy pudagydyr

Türkmenistanyň oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagydyr. Sebäbi oba hojalygy halkyň azyk önümlerine hem-de azyk we ýeňil senagatynyň çig mala bolan barha ýokarlanýan talabyny kanagatlandyrýan maddy önümçiligiň wajyp pudagydyr. Oba hojalygy biziň her birimiz üçin örän möhüm bolan esasy maddy we energiýanyň başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak görnüşi bilen üpjün edýär. Bu üýtgeşik görnüşdäki energiýa her bir adamyň gündelik sarp edýän iýmit önümlerinde jemlenendir. Onuň we senagat önümlerini halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň 3⁄4 bölegine barabardyr. Sonuň üçin hem halkymyzyň hal-ýagdaý derejesi esasan ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni bagkanyşyklydyr.

 


Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygy-nyň esasy ileri tutulýan pudaklaryna däneçilik, pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundyrçylyk we beýlekiler degişlidir. Oba hojalyk ylmy hökmünde ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmagyň, topragyň gurplulygyny artdyrmagyň hem-de oba hojalyk ekinlerinden durnukly ýokary we özüne düşýän gymmaty pes hasyl almagyň öňde baryjy usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.

 


Ekerançylyk ýer ýüzünde 1000-lerçe ýyl mundan öň döremek bilen adamzat jemgyýetiniň ýüze çykmagynda we onuň ösüp kämilleşmeginde uly ähmiýete eýdir. Ol özüniň ösüş taryhyny ilkidurmuş jemgyýetiniň ýönekeýje usullaryndan başlap, birnäçe basgançaklary geçip, häzirkizaman ýokary tilsimatly ekerançylyk derejesine ýetendir. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň täze häzirki zaman tilsimatlaryny işläp düzmekde, ekerançylygyň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň ykdysady taýdan peýdalydygyna ýa-da pes netijelidigine göz ýetirmegiñ möhüm ähmiýeti bardyr. Emma ekerançylygyň tutuş ulgamyna, onuň her bir çärelerine, ekerançylygyň kanunlaryna we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryna doly göz ýetirmezden onuň ykdysady taýdan netijelidigine ýa-da däldigine ylmy esasda doly we dogry baha bermek mümkin däldir. Şoňa göräde oba hojalygy bilen iş salyşýän her bir hünärmeniň ekerançylyk we onuň ulgamy barada çuň düşünjesiniň we giň gözýetiminiň bolmagy zerurdyr.
 

 

Şyhmyrat Orazdurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.