logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / In the world /Ekine zyýan berýän 6 million guş öldüriler!
  18.01.2023
1088
Ekine zyýan berýän 6 million guş öldüriler!

Ekinlerinde ýitgi çekýän daýhanlara kömek etmek isleýän Keniýa hökümeti, zyýankeşlere garşy göreş çäresine başlamaga taýýarlanýar.

Gündogar Afrikada ýerleşýän Keniýa döwletinde «quelea» atly ekine zyýan beriji guş köpelip ýetjek derejesine ýetdi. Hökümet däne iýiji guşa garşy söweş yglan etdi. Çözgüt hökmünde bolsa bu zyýankeş guşlaryň 6 milliondan gowragyny ýörite usul arkaly gyrmak göz öňünde tutulýar.

Keniýa hökümeti - Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO) bilen bilelikde şeýle netijä gelendigini mälim edýär.

«FAO»: « Quelea atly guş bir günde 10 grama golaý däne iýýär. Şol sebäpli hem Keniýanyň oba-hojalyk pudagynyň geçen ýyldaky ýitgisi 50 million dollara barabar boldy.» - diýip, belleýär.