logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /EKINLER GÖWNEJAÝ IDEDILÝÄR
  01.12.2019
921
EKINLER GÖWNEJAÝ IDEDILÝÄR

    Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň gallaçy kärendeçileri güýzlik bugdaý ekişini guwandyryjy görkezjiler bilen tamamladylar. Ekiş geçirilen meýdanlar bu günki-gün ýaşyl begres ýapyndy. Gallaçy kärendeçiler tarapyndan ekiş geçirilen ýerleriň ählisinde gögeriş gazanyldy. Yhlasly zähmetleriniň ýerine düşendigine gallaçy kärendeçiler diýseň guwanýarlar we buýsanýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň daýhana berýän ýardamlaryna – tehnikadan, suwdan, dökünden berýän ýeňilliklerine tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtýarlar. Şonuň üçin hem olar birinji ösüş suwuny tutmak, ekinleri iýmitlendirmek işlerini ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda göwnejaý alyp barýarlar. Bu işlerde etrabyň daýhan birleşikleriniň ählisinde ekerançylyк işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşykly çärelere iňňän uly ähmiýet berilýär.

         Geçen ýyly guwandyryjy görkezijiler bilen jemlän etrabyň gallaçy-kärendeçileri täze ýylyň bitginli hasyly üçin birleşen tagallalary gaýgyrmaýarlar.