logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Ekologik meseleler we olaryň sebäpleri
  18.02.2023
4323
Ekologik meseleler we olaryň sebäpleri

Adamyň öz eli bilen, täzeden-­täze tehnologiýalary ulanyp, tebigata ýetiren täsiri daşky gurşawda döreden çözülmesi kyn meselelerine ekologik problemalar (meseleler) diýilýär. Ekologik meseleleriň iň esasylary howanyň, suw gorlarynyň we topragyň adamlaryň akyl­-paýhassyz we rejesiz ulanmagy netijesinde hapalanmagydyr.

Eger-­de suw gurşawynyň hapalanmagy, esasan, janly bedenler we ösümlikler üçin howply bolsa, topragyň zaýalanmagy ýer üstünde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň hasyllylygynyň peselmegine, ýerden köp hasyl alynjak bolnup, topraga dürli mineral dökünleriň we himikatlaryň dökülmegi ýerden alynýan azyk önümleriniň adam saglygy üçin ekologik taýdan howply bolmagyna getirýär. Ekerançylyk üçin ulanylýan ýerleriň çendenaşa köp suwarylmagy ýerleriň şorlaşmagyna, tokaý agaçlarynyň çakdanaşa köp çapylmagy çölleşme diýlip atlandyrylýan hadysanyň döremegine sebäp bolýar.

Häzirki döwürde adam täsiriniň esasynda howanyň düzümi hem hapalanyşa sezewar edildi. Alymlaryň hasaplamalaryna görä adamyň işjeňliginiň täsiri netijesinde her ýyl Ýer üstünde 25,5 mlrd tonna kömürturşy gazynyň birleşmeleri, 190 million tonna kükürt turşusynyň garyndylary, 65 million tonna azot turşusy, 1,4 million tonna hlorftoruglerod birleşmeleri (freonlar), gurşunyň organiki birleşmeleri, uglewodorod zyňyndylary atmosfera howasyna goşulýar. Bularyň hemmesi adam saglygy üçin-­de, tutuş biosfera üçin­-de zyýanly we howpludyr. Howa atmosferasynyň hapalanmagy «parnik hadysalary» we «ozon deşikleri» diýlip atlandyrylýan hadysalaryň ýüze çykmagyna getirip, adamzat jemgyýetiniň durmuşyna wehim salýan täze ekologik ýagdaýy döretdi.

Ekologik meseleleriň düýp sebäbini, adamyň weýran ediji hereketiniň sebäplerini diňe bir tebigy hadysalary ýeterlik aňlamanlygy, tebigaty ulanyjylaryň köp möçberde girdeji almak üçin görkezýän açgözlüligi we «menden soňra näme bolsa şol bolsun» diýen ýörelgä eýerýändikleri bilen bagly bolman, eýsem ilki bilen tebigaty maddy önümçilik üçin çig mal çeşmesi hökmünde garaýan tehnokratiki pikirlenişiň giňden ýaýranlygy bilen hem baglydyr. Bu hili pikirlenmä eýe bolan adam zatlaryň manysy barada kän oýlanmaýar. Ol zatlaryň dürli taraplarynyň özara gatnaşygy bilen gyzykýar. Ekologik meseläniň çözgüdi adamzadyň ony gurşaýan daşky dünýä degişlilikdäki garaýşyna has dogrusy, täze ekologik aňynyň we ekologik medeniýetiniň emele getirilmegine baglydyr.

Ekologik meseleleri ynsanperwerleşdirmek örän ähmiýetli. Şu hili çemeleşme ylymly-­bilimli adamlary ýetişdirmeklige, umuman, medeniýetiň ösmekligine oňaýly täsir edýär. Belläp geçsek, ekologik meseleleriň amatly çözgüdini tapmak babatynda, Türkmenistanda sözüň doly manysynda, öwrenere we wagyz etmäge mynasyp bolan döwlet syýasaty ýöredilýär. 

 

Hatyja NURÝAGDYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetiniň talyby.