logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Ekologiýa — durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry
  15.03.2025
1080
Ekologiýa — durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmelerde daşky gurşawy goramak möhüm we ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Tebigaty goramak boýunça milli strategiýany durmuşa geçirýän ýurdumyz, bu ugurda dünýäniň iri halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

 

Şol sebäpli Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp düzmegi teklip edýär. Şeýle hem «Hazar ekologiýa başlangyjyny» we Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerinden peýdalanmak meseleleri boýunça BMG-niň Geňeşini döretmek barada teklip berildi.

 

Ekologiýa meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýan Türkmenistan BMG-niň çäklerinde oňyn gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna we giňelmegine ýardam edip, dünýä derejesindäki möhüm meseleleri çözmekde işjeňlik görkezýär.

 

Arkadag şäherinde «Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi, bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, ekologik arassa önümleri ýetişdirmek, çölleşmäniň öňüni almak ýaly möhüm meseleleri gözden geçirmäge mümkinçilik berdi.

 

Arkadagly Gahryman Serdarymyza ekologiýa ulgamyndaky alyp barýan tagallalary üçin minnetdarlyk bildirýäris we döwletli başlangyçlarynyň üstünlikli bolmagyny arzuw edýäris!

 

Läle BERDIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Medisina ekologiýasy
we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.