Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦ ✦ Moskwada ýylyň şygaryna bagyşlanan çäre geçirildi ✦ ✦ Ýaşlar bilen zähmet bazarynda üstünlik gazanmak boýunça duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Geodeziýa boýunça V internet-olimpiada geçirilýär ✦ ✦ Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Halkara hukugynyň ýylyna taýýarlyk boýunça ilkinji maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmen kinosynyň wekilleri Ankara şäherinde geçirilen halkara medeni dabarada sylaglandy ✦ ✦ Ženewada BMG-niň ÝYK-niň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisi öz işine başlady ✦ ✦ Indoneziýanyň Türkmenistandaky Ilçisi resmi wezipesine girişdi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi
  12.07.2025
800
Ekologiýa Hereketinden Çagalar Üçin Medeniýet we Bilim Bileleşmesi

GÖKDERI – Türkmenistanyň “Ekologiýa Hereketi” jemgyýetçilik guramasy bilen Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi tarapyndan bilelikde guralan “Şadyýan Çagalyk” atly medeni çäre Gökderedäki “Nebitçi” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirildi.

Çäräniň maksady – tomusky dynç alyş möwsüminde çagalara ruhy we döredijilik taýdan baý tejribe bermek, olaryň tebigata bolan söýgüsini ösdürmek, toparlaýyn işleşmäge, üns jemlemäge hem-de paýhasly pikirlenmäge höweslendirmek boldy.

Medeni çärä gatnaşan çagalar dürli toparlara bölünip, ýatda saklamak, üns beriş we döredijilik boýunça oýunlarda bäsleşdiler. Reňkli toplar bilen ýatkeşlik oýunlary, haýwanlaryň maketleri bilen tanyşlyk hem-de reňkli kagyzlardan gül taýýarlamak ýaly çäreler çagalaryň ukyplaryny ösdürmäge gönükdirildi. Çagalaryň taýýarlan gülleri olaryň tebigatyň gözelligine bolan duýgusyny özboluşly şekilde beýan etdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ekologiýa Hereketiniň medeniýet bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar aýratyn şowhun döretdi. Bäsleşikleriň netijesinde ýeňiji hökmünde “Çeşme” çagalar sagaldyş merkeziniň topary yglan edilip, ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Bu çäre diňe bir çagalaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem olaryň dostluk, toparlaýyn hyzmatdaşlyk we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem uly itergi berdi.

Türkmenistanyň “Ekologiýa Hereketi” jemgyýetçilik guramasy ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny goramak, daşky gurşawy arassa saklamak we ýaş nesliň ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrmak ugrunda yzygiderli iş alyp barýar. Gurama dürli wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary we taslamalar arkaly jemgyýetde ekologiýa bilen baglanyşykly meselelere bolan gyzyklanmany artdyrmaga hyzmat edýär.