logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /“Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi
  05.06.2025
881
“Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji iýunynda, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, Aşgabatda “Ekologiýa üçin innowasiýalar we telekeçilik başlangyçlary” atly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda geçirildi.

 

Maslahata ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gatnaşdy. Ilkinji çykyş bilen çykyş eden Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň başlygy Arazbike Jumäýewa ýurdumyzda ekologiýa ulgamynda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetçilik guramalarynyň bu ugurda alyp barýan işleri barada durup geçdi.

 

Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkeziniň utgaşdyryjysy we Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň işjeň agzasy hökmünde Merdan Ataýew çykyş etdi. Ol çykyşynda ýaşlaryň arasynda ekologiýa bilen bagly “Ýaşyl endikleri” ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Merdan Ataýew ýaşlaryň gündelik durmuşynda tebigata hormat goýmak, gaýtadan ulanylýan serişdeleri ulanmak ýaly ekologiýa taýdan peýdaly endikleriň ösdürilmeginiň diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, olaryň jemgyýetçilik jogapkärçiligini hem ösdürýändigini belläp geçdi.

 

Maslahatyň dowamynda Ogulnabat Ataýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy hökmünde “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” barada çykyş etdi. Şeýle-de, Bossan Rejepowa we Güljemal Pirliýewa dagy degişli ugurlar boýunça çykyş etdiler.