logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Nature /Ekologiýany goramak esasy borjumyz
  12.03.2024
760
Ekologiýany goramak esasy borjumyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde gök zolaklar döredilýär, gülleriň dürli görnüşleri ekilýär.

 

 

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 4-nji martynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Şmid häzirki döwrüň ekologik meselelerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi jemlemäge mümkinçilik berýän bu duşuşygyň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdi. Şeýle-de, häzirki döwürde gender deňligini üpjün etmegiň, zenanlaryň mümkinçiliklerini artdyrmagyň ÝHHG-niň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekmek bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly tejribäni paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

 

 

Ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Şäher gurşawynyň ekologiýa derejesine, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzda hereket edýän dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde hem raýatlarymyzyň medeniýetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň durmuşynda bitirilýän beýik işler mähriban halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär.

 

 

Adylşa BAÝRAMMUHAMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.