Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Gyz-gelinler — milli bitewüligiň we dowamlylygyň nyşany ✦ ✦ Energetika howpsuzlygy we sebit durnuklylygy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /El hünäri il gezer
  09.01.2022
1455
El hünäri il gezer

Eli çeper, dili şeker mähriban enelerimiz gyz perzentlerine öz el hünärlerini, kesp-kärlerini öwretmegi, çagalykdan hünäre söýgi döretmegi enelik borçlary hasaplapdyrlar. Çünki mähriban enelerimiz el hünärini bereket başy hasaplap, haly dokamak, keçe etmek, şeýle-de dürli görnüşli ýüpek parçalar, matalar bilen işlemek ýaly hysyrdysy ýetik işleri-de öwredipdirler. El işlerini sungat derejesine ýetirmegi başaran enelerimizden miras galan bu asylly däp häzirki ajaýyp döwrümizde hem dowam etdirilýär. Enelerimiziň, mähriban gelin–gyzlarymyzyň eý görýän matalarynyň biri bolan keteni hem çet ýurtlardan gelýän täjirleriň islegli harytlarynyň biri bolupdyr. 

       Keteni- aýal-gyzlaryň köýnekligi üçin tarada dokalýan ýüpek matadyr. Keteni aslynda ösümligiň ady bolup, bu at şol ösümlikden alynýan mata-da geçipdir.Keteni matasy ynsan saglygy üçin hem peýdalydyr. Ene-mamalarymyzyň gyzamyk çykaran çaga gyzyl keteni köýnegini geýdirmek däbi häli-häzire çenli saklanyp galypdyr. Eger-de gyzamyk çykarýan çaganyň örgün örmegi agyr bolsa, dutaryň şirin owazy eşitdirip, gyzyl keteni çöwreligine geýdirilse, gyzamyk çykmagy ýeňilleşýär. Keteni gyşyna ýyly tomsyna salkyn bolýar. Gadymy hem müdimi senedimiz bolan keteniniň halkymyzyň dünýä gymmatlyklaryna goşan nepis halysy ýaly, türkmeniň kalbyna deňelmegi-de ýöne ýerden däl. Sebäbi bu ajaýyp mata halkymyzyň milli lybasy, milli senedi hökmünde meşhurdyr. Keteni göreniňden gözüň ýagyny iýip barýan kürtelerdir tahýalaryň we beýleki geýimleriň hem bezegi bolup durýar.  Keteni ezýaka köýnekleri tikilende hem giňden ulanylypdyr.