logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /El hünärli - il gezer
  14.01.2022
582
El hünärli - il gezer

        Täze ýyla gadam basmagymyz bilen Döwletimizde birnäçe işler alnyp barylýar. Bu işleriň ählisinde hem Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara döredilýän mümkinçilikler sanardan köpdür. Şeýle döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi şeýle hem Sarahs etrap Bilim bölümi bilen bilelikde gurnamaklarynda Sarahs etrabyndaky Medeniýet öýünde Sarahs etrap Bilim bölüminiň çagalar we ýetginjekler öýünde hünärini artdyrýan okuwçy ýaşlaryň arasynda “El hünärli – il gezer” ady bilen zehinli ýaş ýetginjekleriň arasynda sergi geçirildi. Sergä Sarahs etrap Bilim bölüminiň çagalar we ýetginjekler öýünde hünärini artdyrýan mekdep okuwçylarynyň arasynda suratkeşlik, nakgaşçylyk hem-de ata babalarymyzdan, ene-mamalarymyzdan bize miras galan el işleri bilen meşgullanýan okuwçylaryň  oglan-gyzlaryň birnäçesi gatnaşdylar. Sergä gatnaşan oglan-gyzlar özleriniň yhlas başarnygyndan erjellik bilen syzylyp çykan işlerini uly höwes bilen görkezdiler. Görkezilen işlerinde Watanymyzyň gelejegi bolan ýaş okuwçylara döredilýän şertler, ata Watanymyzyň parahatçylyga beslenýän Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ösüşleri, toý baýramlary, Ak şäherimiz Aşgabadyň pajarlap ösüşi aýdyň şöhlelendirilýär. Sergä hödürlenen işleriň ählisi baryp gören okuwçy ýaşlarda uly täsirler galdyryp, olaryň arasyndan has tapawutlanan eserler aýratyn öwüşgün çaýyp ýaş nesillerde aýratyn duýgy döretdi. Sergä hödürlenen işlerde has tapawutlanan okuwçy ýaşlaryň döreden başarnyklaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň we Sarahs etrap Bilim bölüminiň  Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.