logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /El işi sungatyny ösdürmekde özara tejribe alyşmak
  28.02.2023
768
El işi sungatyny ösdürmekde özara tejribe alyşmak

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen jemgyýetiniň durmuşynda möhüm orny eýeleýän medeni mirasymyzy gorap saklamak we ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, olaryň hukuklaryny goramak, döwletiň syýasy, jemgyýetçilik we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy babatda alnyp barylýan işler, şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň girizilmegi diýseň buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Mälim bolşy ýaly, geçen 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy geçirilip, onuň çäklerinde ýurdumyzyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, şeýle hem BMG-niň düzüm birlikleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň ilkinji mejlisi geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çeper elli zenanlarynyň halkara jemgyýetiniň döredilmegi medeni mirasy gorap saklamak, ony ýaş nesillere ýetirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň başlangyjy bolup hyzmat etdi. Bu ugurda özara tejribe alyşmak, el işi sungatyny we senetçiligi ösdürmek işinde bu jemgyýetiň döredilmegi ähmiýetli bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, el işiniň özboluşly nusgasy bolan türkmen halyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň bütindünýä sanawynyň abraýly nusgalarynyň hataryna girizilmegi ata Watanymyzyň medeni ugurda alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygynyň esasy bolup çykyş etmek bilen, milli mirasymyzyň halkara derejesinde ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine şert döredýär. 

 

Mähriban HOŞGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.