logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä golaý artdyryldy
  17.01.2023
1263
Elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä golaý artdyryldy

Balkanabat döwlet elektrik bekediniň täze önümçilik desgalarynda elektrik energiýasynyň öndürilişi üç essä barabar artdyryldy. Netijede, bu beket ýurdumyzda kuwwatlylygy boýunça elektrik energiýasyny öndürýän güýçli gaz turbinaly desgalaryň birine öwrüldi. Kärhanada geçen ýylyň jemi boýunça 2,2 milliartdan gowrak kilowatt sagat elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi. Munuň özi, geçen ýylyň iş meýilnamasynyň 108,4 göterim berjaý edilendigini tassyklaýar.

Balkanabat döwlet elektrik bekedi hem diňe bir günbatar sebitiň däl, eýsem tutuş Diýarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini pugtalandyrmakda mynasyp orny eýeleýär.

Balkanabatly energetikler ýylyň-ýylyna bolşy ýaly, geçen 2022-nji ýyly hem ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemlemegiň hötdesinden geldiler. Beketde köp möçberde öndürilýän elektrik energiýasy hem günbatar sebiti doly üpjün edýär. Artykmaç tok bolsa ýurdumyzyň bitewi elektrik ulgamyna gönükdirilýär.