logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Technology /Emeli aň 300 million iş ornuny eýelär!
  04.04.2023
948
Emeli aň 300 million iş ornuny eýelär!

«Goldman Sachs» tarapyndan geçirilen gözleglere görä ähli işleriň dörtden biri emeli aň arkaly edilip bilner. Mundan başga-da, dünýäde 300 million töweregi iş dürli emeli aň platformalary bilen awtomatlaşdyrylyp bilner.

«Goldman Sachs» tarapyndan çap edilen hasabata görä, bütin dünýäde işleriň 18 göterimi kompýuterleşdirilip bilner. Hasaplamalara görä, bu tehnologiýa ösüp barýan bazarlara garanyňda has ösen ýurtlarda has çuňňur duýlar.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we Ýewropada bar bolan işleriň takmynan üçden iki bölegi belli bir derejede awtomatlaşdyrylyp bilner. Hünärmenler emeli aňyň zähmet bazaryna edýän täsiriniň möhümdigini aýtsalar-da, kärhanalaryň we pudaklaryň köpüsi tehnologiýa diňe bölekleýin täsir etjekdigini çaklaýarlar.

Alymlar emeli aň sebäpli geljekde birnäçe hünärleriň ýitip gitjekdigini nygtaýarlar. Bu bolsa diýseň gynandyryjydyr. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.