logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Nature /Emeli aň Awstraliýadaky äpet moss tokaýlaryny goraýar
  24.03.2024
781
Emeli aň Awstraliýadaky äpet moss tokaýlaryny goraýar

Global ýylylyk netijesinde ýok bolmak howpy abanýan Awstraliýada äpet kelp moss görnüşini goramak üçin başlanan bu taslama, müňlerçe emeli hemra suratlaryny seljermek arkaly Google-yň emeli aň tehnologiýasy tarapyndan döredilen kartalarda we ýylylyga çydamly gen gözleglerinde seljermeler bilen dowam edýär.

 

 

Deňiz düýbünden suwuň ýüzüne çenli uzalyp gidýän we uzynlygy otuz metre çenli ýetip bilýän äpet kelp suwotulary Awstraliýanyň tebigy gözelliklerinden biridir.  Kelp tokaýlary diýlip atlandyrylýan bu ösümlik jemgyýeti, ummanda tokaý hökmünde hereket edýär we kiçi pingwinlerden ýaprakly deňiz aždarhalaryna çenli müňlerçe deňiz jandarlarynyň ýaşaýan ýerini döredýär.

 

 

Ýurduň bäş ştatynyň çäginde ýerleşýän bu ekosistemanyň köp böleginiň ýyllar boýy ýitip gidenligi sebäpli, Awstraliýa hökümeti ýok bolmak howpy abanýan ösümlikleriň arasynda kelpäni goşdy we 2012-nji ýylda gorap saklamak işlerine başlady.

 

 

Sebitdäki ýaşaýyş ýerlerini gowulandyrmak üçin geçirilen gözlegleriň biri, Google tarapyndan hödürlenýän emeli aň tehnologiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar. Gözlegiň gyzyklanýan taraplarynda “Google Australia” we “Google Research”, Awstraliýa hökümetiniň Ylmy we senagat gözleg guramasy, Tasmaniýa uniwersitetiniň deňiz we antarktika gözleg instituty, Halkara tebigaty goramak jemgyýeti, Beýik Günorta rif gaznasy we Kelp tokaý birleşigi bar.

 

Çemen ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 
agrosenagat orta hünär 
okuw mekdebiniň talyby.