logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Technology /Emeli gar tehnologiýalary
  24.01.2023
1007
Emeli gar tehnologiýalary

Emeli gar öndürmegiň iň ýönekeý usuly ýakyn ýerlerdäki derýalardan we köllerden çykarylan suwy bir ýerde toplap, gar maşynlaryna ibermek we ýokary basyşda daşky gurşawa sepmek bolup durýar. Daşky gurşawa ýokary basyş bilen sepilýän örän kiçi damjajyklar doňmak bilen bolýar we ýere buz (gar) kristallary bolup gaçýarlar. Ýere gaçýan bu buz bölejikleri garyň has gurak we sowuk bolmagyna mümkinçilik döredýär.

Suwuň 0 (nol) derejede doňýandygy mälim bolsa-da, arassa suw - 40 gradusa çenli temperaturada hem öz-özünden doňmaýar. Suwuň nol derejede doňmagy üçin mikroskopiki bölejikleriň bolmagy zerur bolup durýar. Emeli gar ýasalan ýerlerde gary döretmek aňsat däl, sebäbi temperatura ýeterlik peselmeýär.

Suwuň doňmagyna mümkinçilik berýän iň oňat buz ýadrosy kümüşli ýod we «pseudomonas syringae» atly bakteriýa tarapyndan öndürilen belokdyr. Emeli gar ulgamlarynyň köpüsinde, ýokary basyş bilen sepilýän örän kiçi damjajyklaryň ýere gaçmazdan ozal doňmagyna mümkinçilik berýän bakteriýa belogynyň bir görnüşi peýdalanylýar. Ondaky himiki maddalaryň kömegi bilen emeli garyň eremegi hakyky gardan has köp wagt alýar.

2022-nji ýylda Hytaýyň Pekin şäherinde geçirilen gyşky Olimpiýa oýunlarynda dünýäde ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynda emeli gardan peýdalanyldy. Munuň üçin 190 million litr suwdan peýdalanyldy.

Belläp geçsek, emeli gar tehnologiýalary örän köp energiýa we örän köp suw harçlaýandygy şeýle-de global ýylylygy tizleşdirýändigi sebäpli alymlar tarapyndan känbir maslahat berilmeýär. 

 

Ýusup ÇARMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz 
uniwersitetiniň talyby.