logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Emeli gün 100 million gradus gyzgynlyga ýetdi!
  03.04.2024
848
Emeli gün 100 million gradus gyzgynlyga ýetdi!

Koreýanyň Fusion Energetika Institutynyň (KFE) alymlary, arassa energiýa çeşmesiniň ýadro birleşdiriş tehnologiýasyny ösdürmek üçin KSTAR ýadro reaktoryny mümkin boldugyça 100 million gradus Selsiýada işlemegi maksat edinýärler. 


 

Emeli gün, tebigy günüň we beýleki ýyldyzlaryň şöhle saçýan reaksiýalaryna öýkünýär we adatdan daşary ýokary temperaturany döredýär.


 

Alymlar plazmany günüň özeninden 7 esse ýyly bolan 100 million dereje temperaturada 48 sekuntlap işletmegi başardylar. Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylda döwülen öňki 30 sekuntlyk dünýä rekordy yzda galdy. 


 

KSTAR gözleg merkeziniň müdiri, beýle ýokary temperaturany saklamagyň aňsat däldigini, şonuň üçin bu soňky ýazgynyň ähmiýetini aýtdy. Direktor, 2026-njy ýyla çenli reaktory 300 sekuntlap işletmek üçin maksatlaryň bardygyny aýtdy.

 

Jemal HEZRETKULOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.