logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Interesting /Emeli intellekt iPhone-a ornaşdyrylarmy?
  17.03.2024
654
Emeli intellekt iPhone-a ornaşdyrylarmy?

Häzirki zaman dünýäsinde tehnologiýada emeli intellekti ösdürmek giň gerim aldy. Apple komaniýasy “iPhone”-da emeli intellekti ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Apple-iň baş direktory Tim Kuk kompaniýanyň öz emeli intellektiniň üstünde işleýändigini öz resmi sahypasynda tassyklady.

 

 

Kompaniýa emeli intellektiň ýokary tizlikli tehnologiýalaryny taýýarlamakda ýöriteleşen DarwinAI startup-ny satyn aldy.

 

 

Bu täze emeli intellekt (AI) gurallary “Siri” programmasy arkaly ulanyjylara elýeterli bolmagyna garaşylýar.

 

 

Apple IOS 18 operasion ulgamyny işläp taýýarlaýar hem-de oňa emeli intellekti (AI) ornaşdyrylar. 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda kompaniýanyň resmi A18 çipiniň täze iPhone 16 -nyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykarylmagyna garaşylýar.


Sähra Muhamedrustemowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň
1-nji ýyl talyby.