logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Sports /Emerson Palmieri - UEFA-nyň 5 dürli ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji futbolçy
  07.06.2024
756
Emerson Palmieri - UEFA-nyň 5 dürli ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji futbolçy

UEFA-nyň 3-nji derejeli klub ýaryşy bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda "West Ham" topary çempion boldy. Londonly klub finalda “Fiorentina” toparyny 2:1 hasabynda ýeňip, taryhynda ilkinji gezek bu kubogy gazandy.


Bu ýeňiş bilen toparyň çep gyraky goragçysy, braziliýaly italýan futbolçy Emerson Palmieri özüniň futbol karýerasynda täsin bir statistikanyň eýesi boldy. 28 ýaşyndaky futbolçy UEFA-nyň 5 dürli ýaryşynda çempionlyk gazanan ilkinji oýunçy hökmünde taryha girdi. Ol mundan ozal “Çelsi” bilen 2018/19 möwsüminde UEFA Ýewropa Ligasynda, 2020/21 möwsüminde UEFA Çempionlar Ligasynda we UEFA Superkubogynda ýeňiş gazanypdy. Şeýle hem, 2020-nji ýylda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropa çempionatynda (Euro 2020) çempion boldy.


Emerson Palmieriniň bu üstünlikleri onuň klub we milli derejede ýokary derejeli oýunçydugyny subut edýär. Şeýle hem, ol UEFA-nyň dürli ýaryşlarynda iň uly kuboklary gazanan taryhy futbolçylaryň hataryna goşuldy.