logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /“Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”
  25.04.2024
1103
“Enä tagzym-mukaddeslige tagzym”

Enedir dünýäniň,  bagtyň gözbaşy,

Enä tagzym- mukaddeslige tagzym.

Enedir duýgunyň, söýgiň naýbaşy,

Enä tagzym- mukaddeslige tagzym.

 

Enäniň her sözi şypadyr jana,

Doýma ýok ynsana mährinden gana,

Söýgüsi barabar Zemin, ummana,

Enä tagzym – mukaddeslige tagzym.

 

Perzende bagş eder hanymanyny,

Gerek bolsa gurban eder janyny,

Arkadag Atamyň paýhas önümi-

“Enä tagzym- mukaddeslige tagzym”

 

Aýnur Hudaýbergenowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.