logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /«Enäniň şanyna»
  01.03.2023
12689
«Enäniň şanyna»

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp:
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!».
Gün hem diýenmişin nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!».

Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp:
«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!».
Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:
«Dünýäniň bar berki enedir, ene!».

Soranmyş boz gulan bir ata bakyp:
«Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!».
At hem diýenmişin jülgeler söküp:
«Dünýäniň bar örki enedir, ene!».

Soranmyş bir ene şahyra bakyp:
«Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!».
Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:
«Dünýäniň bar durky ene, sen, ene!».

 

Gurbandurdy GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.