logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ene mukaddesligi
  23.08.2022
12326
Ene mukaddesligi

Adamyň durmuşda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Ene mähri siňip ulalan adam ýaşynyň näçeligine garamazdan, nirede bolsa-da, şol mähribanlygy küýseýär. Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir. «Ene» diýmegiň özi ähli gowy zatlary aňladýandyr. Şonda diňe «söýgi» diýen düşünje bärden gaýdýar. Ene biziň üçin ähli gowy zatlaryň, ynsanlyga mahsus asylly ýörelgeleriň jemini aňladýar. Şonuň üçinem ene iň mähriban we mukaddes ynsandyr. Eneler biziň üçin ähli baýlyklaryň seresidir. Türkmen halky iň mukaddes zatlary enä deňeýär. «Ene dil», «Ene toprak», «Ene mähri». Türkmen zenanlary ähli döwürlerde hem paýhaslylygy, gaýratlylygy bilen tanalypdyr. Halkymyzyň baý taryhyna göz aýlanymyzda türkmen zenanlarynyň mertebesine, beýik ykbalyna guwanýarsyň.

Toýlarymyzyň bezegi, törümiziň gelşigi mährem enelerimiziň ýüzleri hemişe gülüp dursun. Mähriban enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!