logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Poetry /Ene, saňa bir sözüm bar...
  21.02.2023
2409
Ene, saňa bir sözüm bar...

Ene, seniň goýnuň güneşli sähra, kalbyň kuýaşly asman mysaly. Meniň ähli duýgularymyň gözbaşy senden başlanýar.

* * *

Ene, seniň mähir-muhabbetiň näçe ganyp-ganyp içseň hem mädäňe degmeýän, hiç tükenmeýän bal suwly çeşmedir.

* * *

Ähli zada täsir edýän wagt saňa hökmüni ýöredip bilmeýär. Sen ähli ýaşda-da gözelsiň, mähriban enem!

* * *

Ýyllar meni tanalmaz derejede özgertdi. Emma men seni her gezek görenimde öňki bolşuma dolanýaryn, özümi ümbilmez çaga ýaly duýýaryn.

* * *

Ene, sen meniň adymy üýtgeşik labyz bilen, uly ähmiýet berip tutýarsyň. Men şundan hem seniň durmuşyňda nähili orun eýeleýändigimi aňýaryn.

* * *

Ene, seniň gollaryňda täsin gudrat bar. Diňe şol ellerde balalar rahat uklaýar.

 

Selbi DURDYÝEWA.